Hakkari welaýatynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Hakkari welaýatynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1845643
Hakkari welaýatynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä, Akbal obasynyň çäklerinde Hakkariniň Welaýat Žandarma serkerdeligine degişli Žandarmanyň ýöriteleşdirilen topary, Žandarmanyň komandos topary we howpsuzlyk goragçylaryndan ybarat umumy topar tarapyndan başladylan Eren Gabaw-2 operasiýasynyň çäginde düýn ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu sosial media hasabyndan "Terror gabaw astyna alyndy" söz başysy bilen beren beýannamasynda: "Eren Gabaw-2 operasiýasynyň çäginde Hakkari welaýatynyň Şemdinli etrabynda Žandarma güýçlerimiz we howpsuzlyk goragçylarymyz, hüjüm guramak üçin taýarlyk gören 2 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #terrorçy , #PKK , #Şemdinli , #Hakkari

Degişli Habarlar