Diýarbakyrda 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

PKK-nyň Ape Musa güýjü hökmünde bilinýän topardan 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

1845127
Diýarbakyrda 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Dyýarbakyrda, ekstremist terror guramasy PKK-nyň Ape Musa güýjü hökmünde bilinýän topardan 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu mesele hakynda beren beýannamasynda “Terror guramasy PKK-nyň Ape Musa güýjü hökmünde bilinýän topardan 2 terrorçy žandarm güýçlerimiz tarapyndan äsirsiz ýagdaýa getirildi” diýdi.

Içeri işler ministrliginden berlen beýannamada hem “Eren Gabaw-15” operasiýasynyň çäginde Lije etrapçasynda ölü ýagdaýda ele geçirlen iki terrorçydan biriniň çal sanawda gözlenýän terrorçydygy nygtaldy.

Beýannamada, sebitdäki operasiýalaryň dowam edýändigi bellenildi.



Degişli Habarlar