Siriýanyň demirgazygynda dört terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1844427
Siriýanyň demirgazygynda dört terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Şehitlerimiziň ganyny mundan öň ýerde goýmadyk, mundan soň hem goýmarys. Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi we Ýewfrat Galkany sebitlerine garşy hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri anyklanan PKK/ÝPG-e agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Göreşimiz iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli tutanýerlilik bilen dowam eder" diýip habar berildi. 

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri 2016-njy ýylyň 24-nji awgusty - 2017-nji ýylyň 29-njy marty aralygynda geçiren Ýewfrat Galkany operasiýasy we 2019-njy ýylyň 9-njy oktýabry-25-nji noýabry aralygynda geçiren Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen Siriýanyň demirgazygyny terrordan saplapdy. 



Degişli Habarlar