Türkiýe Fransiýa nägilelik bildirdi

Bilgiç, Fransiýada göz tussaglygynda bolan mahaly ýogalan Merter Keskin bilen bagly soraga jogap berdi

1841669
Türkiýe Fransiýa nägilelik bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç, Fransiýada göz tussaglygynda bolan mahaly ýogalan Merter Keskin bilen bagly soraga: "Göz tussaglygynda bolan mahaly Fransiýanyň metbugatynda berilen soňky materiallar hukuk döwleti ýörelgesine ters gelýändigi aýdyňdyr" diýip jogap berdi. 

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç, Fransiýada göz tussaglygynda bolan mahaly ýogalan Merter Keskin bilen bagly soraga jogap berdi. 

Tanžu Bilgiç: "Merter Keskin atly raýatymyz 2021-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Fransiýanyň Selestat şäherindäki Polisiýa merkezinde göz tussaglygynda bolan mahaly aradan çykdy. Mesele Fransiýanyň kazyýet organlaryna habar berilmek bilen birlikde, waka bilen bagly derňew işi dowam edýär. Waka bilen bagly materiallaryň ýüze çykmagyndan soň Fransiýadaky wekilhanalarymyz tarapyndan ýogalan raýatymyzyň maşgalasy bilen aragatnaşyga geçilip, gerek bolan hukuk we moral taýdan goldaw berilmäge dowam edilýär" diýip habar berdi. 

Tanžu Bilgiç, Fransiýada göz tussaglygynda bolan mahaly ýogalan Merter Keskin bilen bagly soraga: "Göz tussaglygynda bolan mahaly Fransiýanyň metbugatynda berilen soňky materiallaryň hukuk döwleti ýörelgesine ters gelýändigi aýdyňdyr" diýip belläp: "Aradan çykan raýatymyzyň näme sebäpli ýogalandygyndygynyň anyklanmagy üçin iň ýakyn wagtda derňelmegine garaşýarys. Mesele bilen ýakyndan gyzyklanamaga dowam ederis" diýip belledi.

Fransiýanyň polisiýa işgärleri geçen ýyl göz tussaglygyna alan we arka tarapdan gysgyç bilen baglap, ýüzi aşak ýatyrylan asly türk bolan Merter Keskiniň göz tussaglygynda bolan mahaly gysgyçlary aýrylmaga synanyşylan mahaly bedenine basyş edilmegi netijesinde demigip ýogalandygy baradaky materiallar metbugatda görkezildi.



Degişli Habarlar