PKK-a Agza 3 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

“Gahryman Türk ýaragly güýçlerimiz, terror guramasy PKK-nyň hinlerini ýer bilen ýegsan etmäge dowam edýär"

1841470
PKK-a Agza 3 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrligi, “Penje-Gulp”operasiýasy zolagynda terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini, sebitde täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sanynyň 220-ä ýetendigini habar berdi.

Ministrlikden berlen beýannamada “Gahryman Türk ýaragly güýçlerimiz, terror guramasy PKK-nyň hinlerini ýer bilen ýegsan etmäge dowam edýär. Üstünlikli ýagdaýda dowam edýän “Penje-Gulp”operasiýasy zolagynda terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Sebitde täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 220-ä ýetdi” diýildi.

2022-nji ýylyň 18-nji aprelinde Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Yragyň demirgazygynda Metina, Zap we Awaşin-Basýan etrapçalaryndaky terrorçyalra garşy “Penje Gulp” operasiýasynyn başladylandygyny habar beripdi.

 

 



Degişli Habarlar