Fuat Oktaý ÝP-niň "2021 Türkiýe" habarnamasyna reaksiýa bildirdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Ýewropa Parlamendiniň (ÝP) "2021 Türkiýe" habarnamasyna reaksiýa bildirdi

1840435
Fuat Oktaý ÝP-niň "2021 Türkiýe" habarnamasyna reaksiýa bildirdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý mesele bilen bagly Anadoly habarlar gullugyny beren beýanatynda: "ÝP-niň 2021 Türkiýe habarnamasynda bolan Kipr meselesi bilen bagly ýüzleý we ätiýaçsyz beýannamasy, ÝP-niň Kipriň Grek böleginiň metbugat sekretarlygyny alyp barýandygynyň açyk ýagdaýdaky subutnamasydyr. Ýewropa Bileleşigi we Ýewropa Parlamenti Kipr meselesiniň çözüwine goşant goşmak isleýän bolsa, Kiprdäki türkleri ýok hasapalmadan ýüz öwürmeli, Kiprdäki türkleriň özygtyýar deňligini we deň halkara statusyny tassyklamaly we 2004-nji ýylda Kiprdäki türklere beren wadalaryny ýerine ýetirmelidir" diýip nygtady. 

Kiprde iki aýry halkyň we döwletiň bardygyny aýdan Fuat Oktaý: "Grekleriň 50 ýyla golaý güýmemek taktikasy bilen 2004-nji we 2017-nji ýyllarda ret eden federasiýa modeli, ýene-de 50 ýyl gepleşiklere açylmaz. Şol depder indi ýapyldy" diýip belledi. 

ÝP-niň Türkiýe bilen bagly habarnamasynda, Kipr meselesi bilen bagly gepleşikleriň ýaňadandan başladylmagyna we türk tarapynyň iki döwletli çözgüt teklibinden ýüz öwürmegine garaşylýandygy ýazylypdy. 



Degişli Habarlar