Mugla welaýatynda 30 bosgun halas edildi
Mugla welaýatynyň Bodrum etrabynyň suw giňişliginde Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen 16 bosgun halas edildi
Türkiýäniň Kenarýaka Howpsuzlyk gullugy, 4-nji iýun güni Türkiýäniň wagty bilen sagat 06:00-da, Bodrum etrabynyň suw giňişliginde çiýşirilen gaýykda bosgunlaryň bardygy barada maglumat aldy.
Türkiýäniň Kenarýaka Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri, Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilen 16 bosguny halas etdi.
Halas ediş topar düýn bolsa Türkiýäniň wagty bilen sagat 03:18-de çiýşirilen gaýykda ýola çykan bosgunlaryň bikanun ýollar bilen daşary ýurda geçmäge synanyşandygyny anyklady.
Sebite baran topar 14 bosguny halas etdi.
Kenara çykarylan jemi 30 bosgun, Mugla welaýatynyň Migrasiýa edarasyna ugradyldy.
Degişli Habarlar
Ýene-de 5 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä terrora garşy egilşiksiz göreş dowam eder