Maý Aýynda 85 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

“Durmak, ýadamak we ýaltanmak ýok"

1837236
Maý Aýynda 85 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Maý aýynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy guralan operasiýada 85 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Içeri işler ministriniň orunbasary we ministrligiň metbugat geňeşçisi İsmail Çatakly, paýtagt Ankarada beren beýannamasynda “2022-nji ýylyň maý aýynda terror guramasy PKK-agarşy 6-sy uly, 43-i orta göwrümli bolmak bilen jemi 11 müň 838 operasiýa guraldy. Operasiýalarda 1-i ak, 1-i mämişi, 1-i kyzyl, 2-si çal we 2-si ýaşyl kategoriýada bolmak bilen jemi 85 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýdi.

Beýleki tarapdan Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä agza 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Durmak, ýadamak we ýaltanmak ýok. Siriýanyň demirgazygynda “Ýefrat Galkany”, “Zeýtun Şahajygy” we “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagynda hüjüm guramaga synanşan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä agza 9 terrorçy gahryman esgerlerimiz tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýildi.

Geçirlen gepleşikler netijesinde ekstremist terror guramasy PKK-nyň hataryndan gaçyp howpsyzlyk güýçlerine boýun egýän terrorçylaryň sany hem gün saýyn köpelýär.

Içeri işler ministrliginden berlen beýannama görä, geçirlen gepleşikler netijesinde ýene-de bir terrorçy terror guramasy PKK-nyň hataryndan gaçdy.

Howpsyzlyk güýçlerine boýun egen terrorçynyň 2013-nji ýylda guramanyň hataryna goşulandygy we Yrakda iş alyp barandygy anyklandy.

Geçirlen gepleşikler netijesinde 1-nji ýanwardan bäri boýun egen terrorçylaryň sany 39-a ýetdi.

 



Degişli Habarlar