"Eren Gabaw-5" operasiýasynyň çäginde iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

"Eren Gabaw-5" operasiýasynyň çäginde Şyrnak welaýatynyň Bestler Dereler diýilýän ýerinde ekstremist terror guramasyna agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1830508
"Eren Gabaw-5" operasiýasynyň çäginde iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Şyrnak welaýatynyň Žandarma güýçleriniň sebitleýin serkerdeliginiň koordinasiýasynda Bornowa we Çakyrsögüt Žandarmanyň Komandos güýçlerine degişli toparlar tarapyndan başladylan operasiýanyň çäginde Bestler Dereler sebitinde 2 terrorçynyň öli ýagdaýda ele salynandygy mälim edildi. 

Beýanatda sebitdäki operasiýalaryň dowam edýändigi habar berildi. 

 

Beýleki tarapdan Tunjeli welaýatynyň Owajyk etrabynyň obalyk ýerinde geçirilen operasiýada bolsa, terrorçylar tarapyndan ulanylandygy anyklanan 10 gaçybatalga ýok edildi. 

Tunjeliniň gubernatorlygy tarapyndan berilen beýanata görä, Welaýat Žandarma serkerdeligine degişli toparlar "Eren Gabaw-7 Şehit Žandarma Burak Tortumlu" atly operasiýanyň çäginde etrabyň obalyk ýerlerinde operasiýa geçirdi. 

Obalyk ýerlerde gözleg we saplaýyş işlerini geçiren howpsuzlyk gullukçylary, tokaýlyk zolakda terrorçylar tarapyndan ulanylandygy kesgitlenen 10 gaçybatalga tapdylar. 

Žandarma güýçleri gaçybatalgalary ulanyp bolmajak ýagdaýa getirdiler. 


Etiketkalar: #operasiýa , #Şyrnak , #Tunjeli

Degişli Habarlar