Mewlüt Çawuşogly, DAEŞ-e Garşy Göreş Maslahatyna Gatnaşdy

“PKK/ÝPG ýaly terror guramalary arkaly DAEŞ-e garşy göreşiň netijeli bolmajakdygyny ýene-de bir gezek nygtadyk”

1825696
Mewlüt Çawuşogly, DAEŞ-e Garşy Göreş Maslahatyna Gatnaşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ABŞ-nyň öňbaşlylygyndaky DAEŞ-e garşy halkara göreş koalisiýasy tarapyndan geçirlen maslahata gatnaşdy.

Mewlüt Çawuşogly, Marokkonyň Marakeş şäherinde 76 döwletiň we halkara guramanyň wekiliniň gatnaşmagynda geçirlen maslahat hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda “Ýurdumyzyň DAEŞ bilen birlikde ähli terror guramalaryna garşy alyp barýan göreşini gürrüň berdik” diýdi.

PKK/ÝPG ýaly ekstremist terror guramalary arkaly DAEŞ-e garşy göreşmegiň mümkin däldigine ünsi çeken Çawuşogly, “PKK/ÝPG ýaly terror guramalary arkaly DAEŞ-e garşy göreşiň netijeli bolmajakdygyny ýene-de bir gezek nygtadyk” diýip belledi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly maslahatyň çäginde Ispaniýanyň Daşary işler ministri Hoze Manuel Albares bilen iki çäk duşuşyk geçirdi.

Iki kärdeş duşuşykda, NATO-nyň Madritde geçiriljek sammiti üçin görülýän taýarlyklar we özara gatnaşyklar bilen birlikde Ukrainadaky soňky ýagdaý hakynda pikir alyşdy.



Degişli Habarlar