Türkiýe Kuba Duýgudaşlyk Ýüzlenmesini Ugratdy

Türkiýe Kubanyň paýtagty Gawanada düýn myhmanhanalardan birinde bolan partlamada pida bolanlar üçin duýgudaşlyk ýüzlenmesini çap etdi.

1823390
Türkiýe Kuba Duýgudaşlyk Ýüzlenmesini Ugratdy

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada Gawanada myhmanhanalardan birinde bolan partlamada köp sanly adam pidasynyn çekilmegine çuňňur gynanç bildirildi.

Beýannamada; “Pida bolanlaryň hossarlary bilen Kubanyň dostlukly halkyna we hökümetine içgin duýgudaşlyk bildirip, ýaralananlara şypa dileýäris” diýilýär.

Partlamada 22adam ýogalypdy, 14 sanysy çaga, 70 adam ýaralanypdy.

Kubanyň metbugat organlarynyň ýazmagyna görä pandemiýa sebäpli 2 ýyldan gowrak wagt bäri ýapyk bolan we 10-njy maýda açylmagyna garaşylýan taryhy myhmanhanada dowam edýän abatlaýyş işleriniň çäginde tebigy gaz sebäpli partlama boldy.



Degişli Habarlar