Türkiýäniň Baş Ştabynyň başlygy Ukraina temaly maslahata gatnaşdy

Aralarynda Türkiýäniň Baş Ştabynyň başlygy Ýaşar Güler hem bolan 14 ýurdyň Baş Ştabynyň başlygy, göni wideoaragatnaşyk arkaly Russiýa-Ukraina söweşini maslahatlaşdy

1814920
Türkiýäniň Baş Ştabynyň başlygy Ukraina temaly maslahata gatnaşdy

ABŞ-nyň Baş Ştabynyň Metbugat sekretary polkownik Deýw Batler beren ýazmaça beýanatynda, Baş Ştabyň başlygy general Mark Maýliniň Awstraliýa, Kanada, Daniýa, Fransiýa, Germaniýa, Gresiýa, Italiýa, Gollandiýa, Norwegiýa, Portugaliýa, Şwesiýa, Türkiýe we Beýik Britaniýa ýaly ýurtlaryň Baş Ştablarynyň başlyklary bilen onlaýn görnüşde maslahat geçirendigini habar berdi. 

Deýw Batler: "Harby liderler Ukrainanyň özygtyýarlygyny ýaňadandan üpjün etmek we goranyşyny güýçlendirmek üçin köptaraplaýyn howpsuzlyk goldawy bilen birlikde, Ukrainanyň 24-nji fewraldan bäri dowam edýän rus basyp alyşlygy bilen bagly meseleleri maslahatlaşdylar" diýip mälim etdi. 

ABŞ-nyň Baş Ştabynyň başlygy general Mark Maýliniň kärdeşlerine Ukraina goşmaça harby kömek bermeklerini çaltlandyrmak barada çagyryş berendigini aýdan Deýw Batler: "Baş ştabyň başlygy hyzmatdaşlaryna Ukrainanyň zerurlyk çekýän zatlaryny üpjün etmek üçin özara arkalaşyk baradaky düzgünleriň ähmiýedini ýene-de bir gezek tassyklady" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar