Italiýanyň Daşary Işler Ministrliginiň Baş Sekretary Ankarada Saparda Bolýar

Kalyn bilen Seki, özara gatnaşyklar bilen birlikde Russiýa-Ukraina söweşi we Liwiýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

1811677
Italiýanyň Daşary Işler Ministrliginiň Baş Sekretary Ankarada Saparda Bolýar

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary Ettore Seki bilen duşuşdy.

Kalyn bilen Seki paýtagt Ankarada Prezidentiň kompleksinde bolan duşuşykda, özara gatnaşyklar bilen birlikde Russiýa-Ukraina söweşi we Liwiýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Duşuşykda, Ukrainadaky söweşiň azyk we energetika howpsyzlygyna we halkara ykdysadyýete ýetirýän täsirleri analiz edildi we ukrainaly bosgunlaryň sanynyň artmagyna alada bildirildi.

Duşuşykda, Türkiýe bilen Italiýanyň arasyndaky taryhy gatnaşyklara üns çekildi we özara söwda mukdarynyň gysga wagtda 30 milliard dollara ýetirilmelidigi bellenildi.

Kalyn bilen Seki iki ýurduň arasynda goranyş we energetika pudagynda edilýän hyzmatdaşlygyň pugtalanmak bilen dowam etjekdigini nygtady.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar