Mewlüt Çawuşgoly Lwow Şäherinde Krym Tatarlary Bilen Duşuşdy

"Kowumdaşlarymyzyň howpsyzlygy we durnuklylygy üçin goldaw bermäge dowam ederis”

1797628
Mewlüt Çawuşgoly Lwow Şäherinde Krym Tatarlary Bilen Duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Russiýanyň hüjümlerine sezewar bolýan Ukrainanyň Lwow şäherinde ýerleşýän Krym tatar utgaşyklyk merkezine bardy.

Lwow şäherinde Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba bilen duşuşan Çawuşogly, soň bolsa şäherdäki Krym tatar utgaşyklyk merkezine geçdi.

Mewlüt Çawuşogly merkezde eden çykyşynda, Krym tatarlarynyň ýagdaýy hakynda maglumat alandygyny belledi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, sapary hakynda Twitterden beren habarnamasynda “Lwowda Krym tatar utgaşyklyk merkezinde kowumdaşlarymyz bilen duşuşdyk. Kowumdaşlarymyzyň howpsyzlygy we durnuklylygy üçin goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.



Degişli Habarlar