Garaşsyzlyga Aşyk Millet 107 Ýyl Ozal Taryhyň Akymyny Özgertdi

Prezident R.T.Erdogan Çanakgala ýeňişiniň 107 ýyllygy mynasybetli Şehitler ýadygärliginde geçirilen dabara gatnaşdy.

1798005
Garaşsyzlyga Aşyk Millet 107 Ýyl Ozal Taryhyň Akymyny Özgertdi

Erdogan Çanakgala söweşleriniň beýik gahrymançylyk dessanydygyny beýan edip; “Garaşsyzlyga aşyk millet 107 ýyl ozal taryhyň akymyny özgertdi” diýdi.

Çanakgala söweşleriniň milletiň watanperwerlik, pidakärlik, batyrgaýlyk ýaly beýik özbolyşlyklaryň görkezilen, beýik gahrymanmançylyk dessanydygyny, ynanjy ugrunda ölmäge razy Garaşsyzlyga aşyk milletiň 107 ýyl ozal taryhyň akymyny özgerdendigini beýan etdi.

Çanakgalada imanly ýüreklerin öňünde dünýäniň iň güýçli goşunlarynyň hyrçyny dişlemeli bolandygyny, basyp alyjy ruhuň garşysynda ynanjyň üstün çykandygyny nygtan Erdogan; “Watanyny we azatlygyny jany orta goýup, goran milletiň öňünde durjak güýjüň, ýaragyň ýokdugy görüldi. Türk milleti Çanakgalada eden densiz göreşi bilen ähli ejir çekenlere umyt boldy, gol astyndaky ençeme ýurt Çanakgaladan alan ylhamy bilen öz göreşlerini başlatdylar. Çanakgala ýeňişi ine şu jähtden biziň däl, eýsem ýüzlerçe million doganymyzyň, ejir çeken halklaryň umumy ýenişidir” diýdi.

“Çanakgala, biziň millet hökmünde ebedi we taryhy doganlygymyzy, ykbal birligimizi beýan edýär, simwollaşdyrýar” diýen Erdogan; “Beýik biribar bizi şehitlerimiziň ýolundan aýyrmasyn. 18-nji mart Şehitler gününde Anafartalar serkerdesi we Respublikamyzyň esaslandyryjysy Gahryman Mustsafa Kemalyň başda durmagynda ähli şehitlerimizi hormat bilen hatyralap, alladan rahmet dileýärin” diýdi.

 



Degişli Habarlar