Prezident Erdogan, BMG-nyň Baş Sekretary Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Guterreş Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin edýän tagallasy sebäpli Prezident Erdogana sagbolsun aýtdy

1794686
Prezident Erdogan, BMG-nyň Baş Sekretary Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Pezident R. T. Erdogan, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Guterreş, Russiýa-Ukraina söweşiniň başda durmagynda sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, Russiýa-Ukraina söweşiniň gyssagly bes edilmegi we parahatçylygyň üpjün edilmegi, ynsanperwer kömek geçelgeleriniň açylmagy we halka ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin uly tagalla edýändiklerini aýtdy.

 BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş hem Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin edýän tagallasy sebäpli Prezident Erdogana sagbolsun aýtdy.

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy.

 



Degişli Habarlar