Türkiýe, Braziliýa Gynanç Bildirdi

“Sil apatynda ýogalanlaryň hossarlaryna, dost ýurt Braziliýanyň halkyna we hökümetine uly gynanç bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris”

1780635
Türkiýe, Braziliýa Gynanç Bildirdi

Türkiýe, Braziliýadaky sil apatynda ýogalanlar üçin gynanç bildirdi

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Braziliýada aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen silde ýogalanlar üçin gynanç bildirildi.

Beýannamada “Sil apatynda ýogalanlaryň hossarlaryna, dost ýurt Braziliýanyň halkyna we hökümetine uly gynanç bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.

Braziliýadaky sil apatynda 104 adamyň ýogalandygy, 35 adamyň dereksiz ýitendigi, azyndan 54 öýüň ýykylandygy habar berlipdi.

 



Degişli Habarlar