Mewlüt Çawuşogly, Russiýaly we Ukrainaly Kärdeşleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Russiýa-Ukraina dartgynly meselesinde başdan geçirlen soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Çawuşogly bilen Lawrow telefon söhbetdeşliginde, Russiýa-Ukraina dartgynly meselesinde başdan geçirlen soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.
Dartgynlygyň diplomatiýa arkaly çözülmeginiň ähmiýetine ünsi çeken Çawuşogly, Türkiýäniň şol çäkde Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda geçiriljek gepleşiklere ýer eýeçiligini etmäge taýardygyny belledi.
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem mart aýynyň 11-13-i aralygynda Antalýada geçiriljek YY Diplomatiýa forumyna gatnaşjakdygyny belledi.
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde Russiýa-Ukraina dartgynlygy hakynda pikir alyşdy.
Mewlüt Çawuşogly koronawirusa ýolugandygy sebäpli ýagşy dileglerini ýetiren kärdeşi Kuleba sagbolsun aýtdy.
Degişli Habarlar
Gresiýanyň Premýer-ministri Ankarada Saparda Bolýar
Mikotakis Prezidentiň Kompleksinde Prezident Erdogan tarapyndan kabul edildi.