“Türkiýe Bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Arasyndaky Gatnaşyklarda Täze Döwür Başlady”

Prezident Erdogan Birleşen Arap Emirliklerine gurajak saparynyň öňüsyrasynda howa menzilinde metbugata beýannama berdi.

1778195
“Türkiýe Bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Arasyndaky Gatnaşyklarda Täze Döwür Başlady”

Prezident R. T. Erdogan Birleşen Arap Emirliklerine gurajak 2 günlük saparynyň öňüsyrasynda Stambulda Atatürk Howa menzilinde metbugata beýannama berdi.

BAE bilen edilýän gatnaşyklarda täze döwri başladandyklaryny aýdan Erdogan “Özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşarys. BAE 8 milliard dollardan geçýän söwda mukdarymyz bilen biziň esasy hyzmatdaşlarymyzdan biri. Türk işewürleri BAE-de häzire çenli 13 milliard dollarlyk 141 taslamany durmuşa geçirdi” diýdi.

BAE-niň hem Türkiýäniň maýa goýumyna uly goşant goşandygyny nygtan Erdogan “İki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin uly mümkinçilik bar. Saparymyz şol mümkinçiliklerden gysga wagtda ýerlikli peýdalanylmagyny maksat edinýär. Saparymyň çäginde maýadarlar bilen hem duşuşaryn. Saparymyz özara gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna itergi berer” diýip belledi.



Degişli Habarlar