Şentop Kataryň Şura Mejlisiniň Başlygy Ganim Bilen Duşuşdy

Duşuşykda özara we parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegi hakynda pikir alyşyldy

1765468
Şentop Kataryň Şura Mejlisiniň Başlygy Ganim Bilen Duşuşdy

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Kataryň paýtagty Dohada resmi saparynyň çäginde Kataryň Şura Mejlisiniň Başlygy Hasan Bin Abdullah Al Ganim bilen duşuşdy.

Kataryň resmi “QNA” habarlar gullugynyň mälim etmegine görä Şentop, Ganim bilen geçiren duşuşygynda özara gatnaşyklaryň we parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin bar bolan şertler hakynda pikir alyşdy.

Duşuşykda Türkiýe-Katar parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda ylalaşyk ähtnamasyna gol çekişildi.

Kataryň Şura Mejlisiniň Başlygy Ganim, gol çekişilen ylalaşyk ähtnamasynyň doganlyk iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň parlanetleriň arasynda-da ösmegine goşant goşjakdygyny beýan etdi.

Şeýlelik bilen Kataryň we Türkiýäniň arasyndaky hatnaşyklaryň hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlarda ösjekdigine ünsi çeken Ganim, ylalaşyk ähtnamasynyň iki ýurduň dürli ugurlardaky çuňňur gatnaşyklarynyň beýanydygyny nygtady.



Degişli Habarlar