"TURKOVAC–yň" Adatdan Daşary Ýagdaýda Ulanylmagy Üçin Ýüz Tutuldy

"Milli sanjymymyzyň ýurdumyz, halkymyz we tutuş adamzat üçin düşümli bolmagyny umyt edýärin”

1738484
"TURKOVAC–yň" Adatdan Daşary Ýagdaýda Ulanylmagy Üçin Ýüz Tutuldy

Saglygy goraýyş minitri Fahrettin Koja, Türkiýäniň täze görnüş koronawirusa garşy taýarlan ýerli "TURKOVAC" sanjymynyň adatdan daşary ýagdaýda ulanylmagy üçin ýüz tutulandygyny aýtdy.

Ministr Koja, Saglygy goraýyş ministrliginiň 2022-nji ýyldaky bujeti meselesinde Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Meýilnama we bujet komisiýasynda geçirlen gepleşiklerde ýerli sanjym hakynda maglumat berdi.

Koja “Şu gün ýerli Kovid-19 inaktif sanjymymyz "TURKOVAC-yň" adatdan daşary ýagdaýda ulanylmagy üçin ýüz tutdyk. Üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli sanjymyň ulanylmaga başlanmagyny umyd edýärin. Ýurdumyň alymlary tarapyndan taýarlanan milli sanjymymyzyň ýurdumyz, halkymyz we tutuş adamzat üçin düşümli bolmagyny umyt edýärin” diýdi.



Degişli Habarlar