Milli Goranmak Ministri Akar Azerbaýjanda Saparda Bolýar

“Gahryman Azerbaýjanyň goşunynyň gazanan bu ýeňişi diňe 44 günlük söweşiň däl eýsem 30 ýyllyk ynanjyň we gaýduwsyzlygyň netijesidir”

1730861
Milli Goranmak Ministri Akar Azerbaýjanda Saparda Bolýar

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Güler we beýleki serkerdeler bilen birlikde Azerbaýjana gitdi.

Paýtagt Bakuda Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow tarapyndan garşylanan Akaryň ýolbaşçylygyndaky türk harby wekiliýeti, howa menzilinden Haýdar Aliýew medeniýet merkezine geçdi we “8-nji noýabr Ýeňiş gününe” bagyşlanan çärelere gatnaşdy.

Akar “Gahryman Azerbaýjanyň goşunynyň gazanan bu ýeňişi diňe 44 günlük söweşiň däl eýsem 30 ýyllyk ynanjyň we gaýduwsyzlygyň netijesidir” diýdi.

Hulusi Akar “Bu diňe Ermenistana garşy gazanylan ýeňiş däl. Bu ýeňiş şol bir wagtda birnäçe ýylyň dowamynda haksyzlyga, hukuksyzlyga biperwaý çemeleşenlere we dymmagy saýlaw alanlara berlen iň gowy jogap” diýip belledi.

Türkiýäniň azerbaýjanyň halkyna ähli taraplaýyn goldaw berýändigini ýatladan Hulusi Akar “Bütin dünýä Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň baky dowam etjekdigini bilmeli. Jenap Prezident Ilham Aliýew bilen Jenap Prezidentimiz Erdogan, geljek nesillere parahatçylygyň miras goýulmagy üçin tutanýerli tutum alyp barýar” diýdi.

Milli Goranmak ministri Akar çykyşynda Garabag meselesinde Azerbaýjana uly goldaw beren Pakistana hem sagbolsun aýtdy.



Degişli Habarlar