Milli Goranmak Ministri Akar Brýusselde Kärdeşleri Bilen Duşuşyk Geçirdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar saparynyň çäginde kärdeşleri bilen özara duşuşyklar geçirýär.

1723312
Milli Goranmak Ministri Akar Brýusselde Kärdeşleri Bilen Duşuşyk Geçirdi

NATO agza ýurtlaryň goranmak ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Belgiýa giden Milli Goranmak ministri Hulusi Akar saparynyň çäginde kärdeşleri bilen özara duşuşyklar geçirýär.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar ilki Britaniýanyň Goranmak ministri Ben Uolles bilen duşuşdy.

Hulusi Akar soň bolsa ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Jeýms Ostin bilen duşuşdy.

Iki kärdeş duşuşykda Italiýanyň paýtagty Rimde oktýabr aýynyň 30-31-i aralygynda geçiriljek G-20-ä agza ýurtlaryň liderler maslahaty üçin görülýän taýarlyklar hakynda pikir alyşdy.

Gresiýanyň Goranmak ministri Nikolas Panagiotopoulos bilen hem duşuşan Akar, Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda ynamy artdyryjy çäreleriň çäginde Ankarada geçirilmegi meýilleşdirilýän maslahat hakynda pikir alyşdy.

 

 

 



Degişli Habarlar