Türkiýäniň goranmak pudagy bilen bagly önümleri Nusret-2021-de sergilenýär

Türkiýäniň goranmak senagatyndaky ýeten sepidi sergilenmäge dowam edýär

1722378
Türkiýäniň goranmak pudagy bilen bagly önümleri Nusret-2021-de sergilenýär
nusret tatbikati sergi.jpg
nusret tatbikati sergi.jpg

Nusret-2021 Çakylyk türgenleşigi 18-nji oktýabrda Çanakgalada başlady. 

28-nji oktýabrda öz işini tamamlajak harby türgenleşigiň çäginde goranmak senagatyna degişli bolan kärhanalar, inwentara goşulan we goşulmagyna garaşylýan ýarag ulgamlaryny Nara galasynda sergilediler. 

Sergide iň esasy özüne çeken önüm bolsa Ýaragly sürüjisiz Deňiz ulagy "SIDA" boldy. 

SIDA gysga wagt soň Harby-deňiz güýçleriniň inwentaryna goşulmagyna garaşylýar. 

Roketsan tarapyndan özgerdilen Atmaja raketasy hem dünýäde öz ülňülerine gabat gelýän beýleki ulgamlar bilen deňeşdirilende iň gowylarynyň biri hasaplanýar. Atmaja raketasy deňizdäki we gury ýerdäki nyşanalara garşy ulanylyp bilinýär. 

Aselsan tarapyndan özgerdilen Orka gönükdirilýän raketa we Düfas Radar ulgamy hem ýerli we milli öňbaşçy taslamalaryň biri hasaplanýar. Düfas bilen suwasty gämiler uzak aralyklardan hem anyklanyp bilinýär. 

Tübitak edarasy tarapyndan özgerdilen Kuzgun raketasy hem oýun üýtgediji we amatly bahasy bilen döwrebap ulgamlaryň biri hasaplanýar. 



Degişli Habarlar