Milli Goranmak Ministri Akar Nigeriýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Aprel aýynda Nigeriýanyň Goranmak ministri wezipesine bellenen Indattou ilkinji daşary ýurt saparyny Türkiýä guraýar.

1710275
Milli Goranmak Ministri Akar Nigeriýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, Nigeriýanyň Goranmak ministri Alkassoum Indattou resmi sapar bilen Türkiýä geldi.

Milli Goranmak Ministri Akar nigeriýaly kärdeşini ministrlikde harby dabara bilen garşylady.

Ilki özara duşuşyk geçiren Akar bilen Indattou soň bolsa toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşiklerde goranyş we howpsyzlyk taýdan iki ýurduň arasynda edilýän gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministr Akar Nigeriýa bilen Türkiýäniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklardan hoşaldyklaryny belläp, iki ýurduň arasynda harby tälim we goranyş senagaty pudagynda edilýän hyzmatdaşlygyň artdyrylmalydygyny belledi.

Hulusi Akar terrora garşy göreşde ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Aprel aýynda Nigeriýanyň Goranmak ministri wezipesine bellenen Indattou ilkinji daşary ýurt saparyny Türkiýä guraýar.



Degişli Habarlar