Kosowanyň Goranmak Ministri Türkiýede Saparda Bolýar

Kosowanyň Goranmak ministri Armend Mehaž, Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň resmi myhmany hökmünde Türkiýä geldi.

1707511
Kosowanyň Goranmak Ministri Türkiýede Saparda Bolýar

Hulusi Akar myhman kärdeşini Milli Goranmak ministrliginde harby dabara bilen garşylady.

Garşylama dabarasyndan soň iki kärdeş özara duşuşyk geçirdi we toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.

Hulusi Akar bilen Armend Mehaž özara we sebitara howpsyzlyk we goranyş meselesi hakynda pikir alyşdy.

Milli Goranmak ministri Akar duşuşykda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň gün saýyn pugtalanmagyndan hoşaldygyny belledi

Duşuşykda mundan başgada harby tälim we goranyş senagaty pudagynda edilýän hyzmatdaşlygyň güýçlenmek bilen dowam etmeginiň ähmiýeti nygtaldy.



Degişli Habarlar