Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Şyrnak welaýatynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň biriniň adynyň terror sanawynyň narynç kategoriýasyndadygy anyklandy

1706091
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Içeri işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Şyrnak welaýatynyň sebitleýin Žandarma serkerdeliginiň koordinasiýasy esasynda geçirilýän "Eren-13 Şehit Žandarma seržant Ufuk Bingöl" atly operasiýasynyň çäginde,  Şyrnak welaýatynyň  Žandarma serkerdeligi tarapyndan Gabar Dagy sebitinde 24-nji awgustda geçirilen operasiýada 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi ýatladyldy. 

Täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň biriniň Botan welaýatynyň Gabar sebitinden jogapkär ýolbaşçysy hökmünde iş alyp baran we  "Terrordan gözlenýänleriň sanawynda" ady bolan we 1 million lira baýrak bilen gözlenýän narynç kategoriýadaky "Diljin Mariýa Dersim" adyny ulanýan Saniýe Toprakdygy anyklandy. 

Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen başga bir beýanatda bolsa, Içeri işler edarasynyň Baş müdürligi we Žandarma güýçleriniň Baş serkerdeligi tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde PKK/KJK-nyň düzüminden gaçan ýene-de 1 terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi. 

Howpsuzlyk güýçlerine boýun egen terrorçynyň 2014-nji ýylda terror guramasynyň düzümine goşulandygy, adynyň "Terrordan gözlenýänleriň sanawynyň" narynç kategoriýasynda bolandygy habar berildi. Beýanatda geçirilen işleriň netijesinde 2021-nji ýylda Howpsuzlyk güýçlerine boýun egen terrorçylaryň sanynyň 145-e ýetendigi aýan edildi.  



Degişli Habarlar