Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK/KJK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1705291
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä Metina sebitinde Penje-Şimşek operasiýasyndaky howpsuzlyk güýçlerine hüjüm guramak üçin taýarlyk gören PKK/KJK-a agza 3 terrorçy anyklandy. 

Milli Howpsuzlyk gullugy tarapyndan düýn geçirilen operasiýada 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Siriýanyň demirgazygyndaky Ýewfrat Galkany sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň berýän habaryna görä, Siriýanyň demirgazygyndaky Ýewfrat Galkany sebitinde terrorçylaryň hüjüm guramak üçin taýarlyk görendiklerini anyklandy. 

Ministrlik tarapyndan berilen beýanatda: "Terrory gözbaşynda ýok etmäge dowam edýäris. Siriýanyň demirgazygyndaky Ýewfrat Galkany sebitinde terrorçylaryň hüjüm guramak üçin taýarlyk görendiklerini anyklanan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 6 terrorçy gahryman Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň üstünlikli göreşi bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar