Milli Goranmak Ministri Akar Amerikaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Iki kärdeş Owganystanda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy

1698742
Milli Goranmak Ministri Akar Amerikaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Jeýms Ostin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama göra, iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde 15-nji awgustda Talibanyň Kabulyň gözegçiligini ele geçirmeginden soň Owganystanda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Akar bilen Ostin iki ýurduň raýatlarynyň Owganystandan göçürilmegi meselesinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeginden hoşaldygyny belledi.

Akar telefon söhbetdeşliginde mundan başgada Owganystanda guralan terrorçylykly hüjümde ýogalan amerikaly esgerler üçin kärdeşine gynanç bildirdi.



Degişli Habarlar