Milli Goranmak Ministri Akar Liwiýanyň Baş Ştabynyň Başlygyny Kabul Etdi

Ministr Akar duşuşykda, iki ýurduň arasyndaky 500 ýyllyk doganlyk gatnaşyklaryna ünsi çekdi.

1692910
Milli Goranmak Ministri Akar Liwiýanyň Baş Ştabynyň Başlygyny Kabul Etdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Liwiýanyň Baş ştabynyň başlygy goşun generaly Muhammed Ali Haddady kabul etdili.

Akar, 157-nji Halkara Goranyş senagaty sergisi IDEF-21-iň çäginde Liwiýanyň Baş ştabynyň başlygy Muhammed Ali Haddad bilen duşuşdy.

Ministr Akar özara we sebitara goranyş we howpsyzlyk meselesine garalan duşuşykda, iki ýurduň arasyndaky 500 ýyllyk doganlyk gatnaşyklaryna ünsi çekdi.

Türkiýäniň Liwiýada daşary ýurtly güýç bolmandygyny nygtan Hulusi Akar, “Liwiýaly doganlarymyza goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.



Degişli Habarlar