Çawuşogly: "Owganystanda göçüriliş bilen bagly uçar saparlaryna 2 gün arakesme berildi" diýdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, howpsuzlyk sebäpli Owganystandan göçüriliş bilen bagly uçar saparlaryna 2 gün arakesme berilendigini habar berdi

1693447
Çawuşogly: "Owganystanda göçüriliş bilen bagly uçar saparlaryna 2 gün arakesme berildi" diýdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Owganystandaky hadyslar bilen baglanşykly ABŞ-nyň duýdansyz we meýilnamasyz bir karar bilen yzynda haos döredip sebitden çekilmeginiň dogry bolmandygyny beýan etdi. 

Asuda ilatyň howa menziliniň uçuş zolagyna çykmagy bilen baglanşykly uçar saparlaryna arakesme berilendigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Howpsuzlyk ýaňadandan üpjün edileninden soň isleýän raýatlarymyzyň göçüriliş işlerini amala aşyrarys" diýip habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly Owganystanda Türkiýäniň Kabul howa menzilini goramak meýilnamasyny goý bolsun edendigi bilen bagly öňe sürmeler barada: "Muny aýtmak üçin entek ir, sebäbi täze şertler emele geldi. Kabul howa menzilinde harby tarapyndadyrys, asuda ilat tarapynda bolsa haos bar. Uçarlaryň gonuşynda we uçuşynda meseleler boldy. Gynansagam käbir adamlar ýogaldy. Ol ýerden göçüriş işleri amala aşyrylýar, missiýalar çykarylýar. Käbir raýatlarymyzy getirdik. Howa menzilinde göçüriliş işlerinde we beýleki ugurlar boýunça başda ABŞ bolmak bilen beýleki käbir döwletler bilen işleşýäris. Esasy wezipämiz galan raýatlarymyzy çykarmak. Esgerlerimiz bilen baglanşykly karary bolsa Hormatly Prezidentimiz Rejep Taýýip Erdoganyň baştutanlygynda ählimiz bilelikde bereris" diýip belledi. 

"Öz bähbitlerimiz üçin ähli taraplar bilen gepleşikler geçirmelidiris" diýen Mewlüt Çawuşogly: "Amerika oturyp Taliban bilen ylalaşyk gazanýar, onda mesele ýok. Biz gepleşik geçiren mahalymyz bolsa mesele bar. Biz olary kabul edýändigimiz, olaryň häkimiýetini ýa-da ideologiýasyny kabul edýändigimiz manysyna gelmeýär. Hytaý, Russiýa, Eýran Taliban bilen gepleşikler geçirýär. Her kim pragmatiki hereket edýär. Bular adaty zatlar" diýip nygtady. 

Talibanyň beren ilkinji ýüzlenmeleriniň nähili kabul edilendigi bilen bagly soraga ministr Mewlüt Çawuşogly: "Taliban hiç bir daşary ýurtly raýata degmeris, her kim bu ýerde ýaşap biler, diplomatiki missiýalara hem degmeris, işlerini dowam etdirip bilerler diýip oňyn ýüzlenmeler berdi. Howa menziline garşy häzirki wagta çenli goşulmady. Biz bulara, bu ýüzlenmelere oňyn garaýandygymyzy aýtdyk. Biz Talibanyň dolanşyk düşünjesini, häkimiýetini kabul edýäris, oňa oňyn garaýarys diýmedik. Mundan başgada ýüzlenmelerine oňyn garaýandygymyzy aýtdyk, emma seresaply çemeleşýändigimizi, ýagny dolanşykdada görmegimiz gerekdigini aýtdyk" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar