"Terrora garşy göreş ady bilen asuda ilatyň, bigünä adamlaryň üstüne bomba ýagdyrmadyk"

Prezident Erdogan: "Terrora garşy göreş ady bilen asuda ilatyň, bigünä adamlaryň üstüne bomba ýagdyrmadyk" diýip habar berdi

1692736
"Terrora garşy göreş ady bilen asuda ilatyň, bigünä adamlaryň üstüne bomba ýagdyrmadyk"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, ýurdyň serhedinden on müňlerçe kilometr uzaklykda terrora garşy göreş ady bilen asuda ilatyň, bigünä adamlaryň üstüne asla bomba ýagdyrmandyklaryny we mundan soň hem ýagdyrmajakdyklaryny habar berdi.  

Prezident Erdogan, "IDEF'21" 15-nji Halkara Goranyş senagaty sergisiniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda, Türkiýäniň goranyş senagatynda ýeten sepgidi we mümkinçilikleri bilen dostlukly ýurtlar bilen paýlaşmakdan hoşal bolan bir ýurtdugyny belläp: "Sebitimizde we dünýäde parahatçylyk, durnuklylyk, howpsuzlyk gurşawynyň goranyş senagatynda adalatly bir deňagramlylygyň emele getirilmegine baglydygyny pikir edýäris. Türkiýe soňky 19 ýylda beýleki ugurlarda bolşy ýaly goranyş senagaty pudagynda hem galkynyş döwrüni amala aşyrdy. Türkiýäniň goranyş senagatynda daşary ýurtlara bolan garşlylygynyň azaldylmagy maksady bilen çykan bu ýolumyzda örän uly sepgide ýetdik" diýip nygtady. 

Goranyş senagatynda daşary ýurtlylara bolan garaşlylygy 80 göterimden 20 göterime çenli azaltmagyň hötdesinden gelendiklerini aýdan Prezident Erdogan: "Üstünligini meýdanda subut eden ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň dizaýny, önümçiligi we satuwynda dünýäde ilkinji 3-4-nji ýurtlaryň hataryna girdik" diýip mälim etdi. 

Prezident Erdogan: "Bir damja nebiti bir damja gandan has gymmatly görýän düşünje, biziň adam gymmatlyklary düşünjämizde, jemgyýet we döwlet dünýäsinde kiçijek hem bolsa ýeri ýokdyr. Ýurdyň serhedinden on müňlerçe kilometr uzaklykda terrora garşy göreş ady bilen asuda ilatyň, bigünä adamlaryň üstüne asla bomba ýagdyrmadyk we mundan soň hem ýagdyrmarys" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar