Prezident Erdogan tokaý ýangynlarynyň zyýan ýetiren ýerlerine sapar gurady

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, ýangynda zyýan çeken raýatlaryň kyn ýagdaýda galmaklaryna ýol bermejekdiklerini, zyýan çeken zatlarynyň ählisiniň öweziniň dolunjakdygyny habar berdi

1683437
Prezident Erdogan tokaý ýangynlarynyň zyýan ýetiren ýerlerine sapar gurady

Tokaý ýangynlarynyň zyýan ýetiren ýerlerine gözegçilik etmek maksady bilen Antalýa baran Erdogan, Manawgat etrabynda ýangynda zyýan çeken ýerlere dik uçar arkaly gözegçilik etdi. 

Prezident Erdogan zyýan ýeten ýerleriň öweziniň dolunmagy üçin ilkinji tapgyrda 50 million lira pul serişdesiniň bölünip aýrylandygyny, ýanan we zyýan çeken öýlere mundan başgada kireý kömekleriniň beriljekdigini, oba hojalyk, maldarçylyk we şitilhana işleriniň zyýanlarynyň öweziniň dolunjakdygyny mälim etdi. 

Ýangyn sebäpli betbagtçylykly zolak hökmünde yglan edilen ýerlerde salgytlaryň, Sosial howpsuzlyk tölegleriniň, potratçylaryň kredit tölegleriniň, oba hojalyk bilen bagly bergileriň yza süýşüriljekdigini aýdan Erdogan, bir aýyň içinde gurluşygyna başlanjak öýleriň bir ýylyň içinde gurulyp tamamlanjakdygyny habar berdi. 

Ýangyn söndürme işleriniň örän uly topar bilen alynyp barylýandygyny aýdan Erdogan: "Döwletimiz ähli guramadyr edaralary bilen ýangynlaryň söndürilmegi, zyýanyň öweziniň dolunmagy, zyýan çeken ýerleriň ýaňadandan dikeldilmegi üçin iş alyp barýar" diýip aýan etdi. 

Ýangynyň zyýan ýetiren ýerlerinde çadyrlardan başlap ähli zerur bolan zatlara çenli zyýan çeken adamlara berilýändigini aýdan Erdogan: "Hiç bir raýatymyzyň kyn ýagdaýda galmagyna rugsat bermeris, zyýan çekilen ähli zatlarynyň öwezini dolarys" diýip belledi. 

Prezident Erdogan, ýanan meýdanlara agaç nahallarynyň oturdylmak tapgyrynyň ilkinji ýagyşlar bilen birlikde başlanjakdygyny beýan etdi. 

Prezident Erdogan Antalýadan soň Mugla welaýatynyň Marmaris etrabyna geçip, ol ýerde ýangyn sebäpli zyýan çeken ýerlere gözegçilik etdi, maglumat aldy. 

Erdogan ol ýerde eden çykyşynda: "Türkiýe ýangynlaryň zyýan ýetiren yzlaryny gysga wagtda syryp aýyrar. Hiç bir raýatymyzyň kyn ýagdaýda galmagyna ýol bermeris. Adam pidalaryndan daşary ähli zyýanyň öwezini dolup biljek güýje eýediris" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar