Goranmak ministrligi terrora garşy göreş barada beýanat berdi
Beýanatda terrora garşy göreşiň tutanýerlilik bilen dowam etdiriljekdigi habar berildi
Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitine girmäge synanyşan 3 terrorçy, Yrakda Penje-Ýyldyrym sebitinde bolsa PKK/ÝPG-e agza ýene-de 1 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, asudalygyň we howpsuzlygyň kepillendirijisi bolan komandos güýçleriniň Parahatçylyk Çeşmesi sebitine girmäge synanyşan PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçy bilen Yragyň demirgazygynda Penje Ýyldyrym sebitinde anyklanan PKK-a agza 1 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi.
Beýanatda terrora garşy göreşiň tutanýerlilik bilen dowam etdiriljekdigi habar berildi.
Ýurdyň öz içinde geçirilýän operasiýalarynyň çäginde bolsa Agry welaýatynyň Patnos etrabynda dowam edýän Eren-15 operasiýasynda aralarynda ekstremist terror guramasy PKK-nyň welaýatdan jogapkär ýolbaşçysy hem bolan jemi 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.