Hakkari welaýatynda PKK-a agza üç terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1666926
Hakkari welaýatynda PKK-a agza üç terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Hakkari welaýatynyň Şemdinli etrabynda gözegçilik enjamlary bilen anyklanan we hüjüm guramak üçin taýarlyk görendiklerini kesgitlenen PKK-a agza 3 terrorçy, Eýranyň resmileri bilen geçirilen koordinasiýanyň netijesinde od açylyp täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrorçylara garşy göreşimiz tutanýerli ýagdaýda dowam etdiriler" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar