Wan welaýatynda PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Wan welaýatynyň Başkale etrabynda geçirilen operasiýasda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
1652455
Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä "Eren-1" operasiýasynyň çäginde welaýat Žandarma güýçlerine degişli komandos toparlary we ýöriteleşdirilen harby toparlar tarapyndan Wan welaýatynyň Başkale etrabynyň Terazin etrapçasynyň obalyk ýerinde operasiýa geçirildi.
Ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň, Atak dikuçarlarynyň we howa güýçleriniň gatnaşmagynda geçirilen operasiýada 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Beýleki tarapdan bolsa Siriýadan bikanun ýollar bilen Türkiýä geçmäge synanyşan PKK/ÝPG-e agza 1 terrorçy tussag edildi.
Degişli Habarlar
Ýene-de 5 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä terrora garşy egilşiksiz göreş dowam eder