TBMM-niň başlygy Şentop Pakistana sapar gurar

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop we ýanyndaky wekiliýet 31-nji maý-2-nji iýun aralygynda Pakistana sapar gurar

1648412
TBMM-niň başlygy Şentop Pakistana sapar gurar

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlamentarlar assambleýasynyň "Sebitleýin integrasiýa üçin parlamentar hyzmatdaşlygyň goldanmagy" atly 2-nji maslahata gatnaşmak üçin ertir Yslamabad şäherine gider. 

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlamentarlar assambleýasynyň ýerine ýetiriş komitediniň maslahatyna gatnaşjak Mustafa Şentop, ondan soň bolsa Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlamentarlar assambleýasynyň 2-nji konferensiýasyna gatnaşyp, ol ýerde çykyş eder. 

Mustafa Şentop Pakistanyň Milli mejlisiniň başlygy Asad Kaýser, Pakistanyň Senadynyň başlygy Muhammed Sadyk Sanjrani we Owganystanyň Mejlisiniň başlygy Mir Rahman rahmani bilen aýry-aýry duşuşyk geçirer. 

Mustafa Şentop, saparynyň soňky gününde bolsa Azerbaýjanyň Milli mejlisiniň başlygy Sahibe Gafarowa bilen duşuşyk geçirer. 

Pakistanyň Milli mejlisiniň başlygynyň wekili Suriniň myhman wekiliýetleriň hormadyna berjek günortan naharyndan soň, Mustafa Şentop,  Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlamentarlar assambleýasynyň 2-nji konferensiýasynda çykyş eder. 

Mustafa Şentop, ondan soň bolsa Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi tarapyndan kabul ediler, Pakistanyň Premýer ministri Imran Han bilen duşuşyk geçirer. 



Degişli Habarlar