Şentop 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Şentop, ähli ýaşlaryň we bu watan üçin köňli hemişelik ýaş galan raýatlarymyzyň baýramyny tüýs ýüreginden gutlaýandygyny belledi

1642045
Şentop 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Türkiýäniň Beýik Milleti Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop, 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramynyň 102-nji ýylyny TBMM-nyň resmi Twitter hasabyndan paýlaşan wideosy bilen gutlady. 

TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop, ähli ýaşlaryň we bu watan üçin köňli hemişelik ýaş galan raýatlarymyzyň baýramyny tüýs ýüreginden gutlaýandygyny belledi. 

Watanyň Garaşsyzlygy, milletiň gelejegi üçin bu eziz milletiň parasadyna we goldawyna ynanyp, Stambuldan ýola çykan Mustafa Kemal Paşanyň we egindeşleriniň 1919-njy ýylyň 19-njy maýynda Samsuna aýak basandygyny, "Ýa özbaşdaklyk, ýa ölüm" şygary bilen Milli Azat edijilik söweşiniň alawyny ýakandygyny aýdan TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop: "Ýurdumyzyň doly garaşsyzlyk göreşiniň ilkinji ädimi hökmünde kabul edilýän bu taryhy günüň 102-nji ýyly mynasybetli başda Gazy Mustafa Kemal Atatürk bolmak bilen, özbaşdaklyk göreşimizi gahrymanlaryny, watan ygrunda janyny beren eziz şehitlerimizi uly rehnet bilen hatyralap geçýärin. 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramyňyz gutly bolsun" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar