Hulusi Akar, Abdulhamid Dibeýbe Bilen Duşuşdy

Akar bilen Dibeýbe duşuşykda Liwiýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

1620158
Hulusi Akar, Abdulhamid Dibeýbe Bilen Duşuşdy

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Liwiýanyň Milli ylalaşyk hökümetiniň Premýer ministri we şol bir wagtda Goranmak ministri wezipesini ýerine ýetirýän Abdulhamid Dibeýbe bilen duşuşdy.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, Akar, Prezident R. T. Erdoganyň myhmany hökmünde Türkiýe bilen Liwiýanyň arasyndaky ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyna gatnaşmak üçin düýn Ankara gelen Liwiýanyň Milli ylalaşyk hökümetiniň Premýer ministri Abdulhamid Dibeýbe bilen duşuşdy.

Akar bilen Dibeýbe duşuşykda Liwiýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Milli Goranmak ministri Akar, Türkiýäniň, Liwiýanyň territorial bitewiligine, syýasy jebisligine, parahatçylygyna we durnuklylygyna goldaw bermegi maksat edinýändgini nygtady.

Hulusi Akar, Türkiýaniň liwiýaly doganlaryna harby we howpsyzlyk taýdan hem goldaw bermäge dowam etjekdigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar