Mustafa Warank Liwiýaly kärdeşleri bilen duşuşdy

Warank, Liwiýanyň Senagat we magdan ministri Ahmed Ali Ebu Heýse we Liwiýanyň Ýokary okuw we Ylmy derňewler ministri Imran Muhammed Abdünnebi bilen aýry-aýry duşuşyk geçirdi

1619699
Mustafa Warank Liwiýaly kärdeşleri bilen duşuşdy
varank2.jpeg

Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, Liwiýanyň Senagat we magdan ministri Ahmed Ali Ebu Heýse we Liwiýanyň Ýokary okuw we Ylmy derňewler ministri Imran Muhammed Abdünnebi bilen aýry-aýry duşuşyk geçirdi. 

Ýurdyň paýtagty Ankara şäherindäki ministrlik binasynda geçen duşuşyklarda Mustafa Warank, ilki bilen Liwiýanyň Senagat we magdan ministri Ahmed Ali Ebu Heýse bilen duşuşyk geçirdi. 

Mustafa Warank eden çykyşynda, iki ýurdyň arasyndaky taryhy gatnaşyklara ünsleri çekip, Türkiýe hökmünde hemişe Liwiýanyň ýanynda bolmaga dowam etdirjekdiklerini habar berdi. 

Liwiýanyň global ykdysadyýete integrasiýa bolmak babatynda täze başlangyçlar etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdan Warank: "Esasan hem senagat, magdan we potratçylyk ugurlarynda Liwiýanyň mümkinçiliklerini özgertmegimiz gerek. Şony hem etjek adamlar biz ministrlerdiris, ýakyndan gatnaşyk saklamaga dowam ederis" diýip beýan etdi. 

Myhman ministr Ebu Heýse hem Türkiýä ynam bildirýändiklerini belläp, iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklary esasan hem senagat we magdan ugurlary boýunça ösdürmek isleýändiklerini habar berdi. 

Warank bilen Ebu Heýseniň ikiçäk duşuşygy metbugata ýapyk häsýetde geçdi. 

Duşuşykda senagat we maýa goýumlar bilen bagly meseleler bilen hyzmatdaşlyk mehanizmlerini ösdürmek üçin ediljek işler maslahatlaşyldy. 

Ondan soň Liwiýanyň Ýokary okuw we Ylmy derňewler ministri Imran Muhammed Abdünnebi bilen duşuşyk geçiren Mustafa Warank, doganlyk ýurt Liwiýa bilen hyzmatdaşlyklaryny dowam etdirmek niýetindediklerini mälim etdi. 

Warank, esasan hem Ýokary okuw ugrunda we ylmy-derňewleri ösdürmek işlerinde iki ýurdyň bilelikde hereket etmegini we Liwiýanyň mümkinçiklerini artdyrmak üçin bilelikde iş salyşmak isleýändiklerini belläp: "2021-nji ýylyň ahyrynda geçiriljek saýlawlar bilen birlikde Liwiýa başga bir dünýä garaşýar. Täze döwürde Liwiýanyň mümkinçiliklerini bilelikde özgertmelidiris" diýip nygtady. 

Ministr Abdünnebi hem duşuşygyň netijeli geçendigini belläp, Türkiýäniň hökümetine we türk halkyna minnetdarlyk bildirdi. 

Abdünnebi iki ýurdyň taryh boýunça möhüm gatnaşyklar saklandyklaryny aýdyp, täze hyzmatdaşlyk ugurlarynda hem meýilnamalaryň düzülip bilinjekdigini beýan etdi. 

Edilen çykyşlardan soň Warank bilen Abdünnebiniň duşuşygy metbugata ýapyk häsýetde dowam etdi. 



Degişli Habarlar