Mustafa Şentop Müsüre gynanç bildirdi

Şentop, Müsürde başdan geçirilen otly heläkçiligi sebäpli Müsüriň halkyna gynanç bildirdi

1618746
Mustafa Şentop Müsüre gynanç bildirdi

Türkiýäniň Beýik Millet mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop, Müsürde başdan geçirilen otly heläkçiligi sebäpli Müsür Arap Respublikasynyň Wekiller mejlisiniň başlygy Hanafy Ali al-Gebala we Müsüriň halkyna gynanç bildirdi.

Türkiýäniň Beýik Millet mejlisiniň (TBMM) Aragatnaşyk koordinatorlygyndan berilen beýanata görä, TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop, Müsür Arap Respublikasynyň Wekiller mejlisiniň başlygy Hanafy Ali al-Gebala gynanç hatyny ugratdy.

Mustafa Şentop gynanç hatynda: "Müsüriň Suhaj welaýatynyň Tahta sebitinde başdan geçirilen otly heläkçilginde köp sanda adamyň ýogalandygyny we onlarça adamyň ýaralanandygy baradaky habary uly gynanç bilen aldym. Size we Müsüriň halkyna gynanç bildirýärin, otly heläkçiliginde ýogalan adamlara Alladan rehnet, maşgalalaryna sabyr, ýaralananlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýärin. Pursatdan peýdalanyp size saglyk we asudalyk dileglerimi ugradýaryn" diýip belledi. 



Degişli Habarlar