DIM: “Içeri İşlerimize Goşulyşmaga Synanşýan Töwerekleri Kazyýet Işine Hormat Goýmaga Çagyrýarys”

Türkiýe ýurdyň içeri işlerine goşulyşmaga synanyşýan töwereklere kazyýet işine hormat goýmaga çagyrýandyklaryny beýan etdi

1603764
DIM: “Içeri İşlerimize Goşulyşmaga Synanşýan Töwerekleri Kazyýet Işine Hormat Goýmaga Çagyrýarys”

Daşary işler ministrligi, ABŞ-nyň deputatlagy ýatyrylan Ömer Faruk Gergerliogly bilen baglanşykly beýanatyna jogap berdi. 

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Ned Praýs beren ýazmaça beýanatynda, 17-nji martda deputat Ömer Faruk Gergerlioglynyň deputatlygynyň ýatyrylmagy bilen baglanşykly hadysalary ýakyndan gözegçilik edýändiklerini habar beripdi. 

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi mesele bilen bagly beren beýanatynda: "Özi barada gutarnykly kazyýet hökümi bolan Ömer Faruk Gergerlioglynyň deputatlygy, Konstitutsiýa we TBMM-nyň düzgünnamasyna laýyklykda ýatyryldy. Baglanşyksyz we ýurdyň içerki işlerine goşulýan töwerekleri garaşsyz kazyýetler tarapyndan alynyp barylýan kazyýet işine hormat goýmaga çagyrýarys" diýip habar berildi. 

Beýanatda, kazyýet tapgyrynyň beýleki parlamentlerde hem bolşy ýaly hukuk düzgünleriniň durmuşa geçirilmeginden ybaratdygy aýan edildi. 

Beýanatda mundan başgada: "Ýokary kazyýetiň Baş prokurory Konstitutsiýa we Syýasy partiýalar kanunynyň çäginde, beren beýanatlary we hereketleri bilen demokratik we umumymilli hukuk düzgünlerini kabul etmeýän ýagdaýda hereket edýändikleri, PKK terror guramasy we onuň bilen baglanşykly terror guramalary bilen hereket edýändikleri, guramanyň şahasy hökmünde işler amala aşyrýandyklary sebäpli, Halklaryň demokratik Partiýasynyň ýapylmagy talaby bilen Konstitutsion kazyýetine ýüz tutdy. Bu etapda her kim Konstitutsion kazyýetiň berjek kararyna garaşmaga mejburdyr. Dowam edýän hukuk etaby bilen baglanşykly beýanat bermek hukugyň düzgün kadalaryna goşulyşmak diýmekdir" diýip bellendi. 

Syýasy partiýalaryň demokratik syýasy durmuşyň aýrylmaz bir bölegidigi nygtalýan beýanatda: "Şonuň bilen baglylykda işlerini umumymilli we demokratik hukugyň çäginde parahatçylykly ýollar bilen durmuşa geçirmekleri hökmanydyr. Baglanşyksyz we ýurdyň içerki işlerine goşulýan töwerekleri garaşsyz kazyýetler tarapyndan alynyp barylýan kazyýet işine hormat goýmaga çagyrýarys" diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar