Mustafa Şentop Syganlar güni mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop, Twitter hasabyndan beýanat berdi

1601087
Mustafa Şentop Syganlar güni mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop, Türkiýede ýaşaýan syganlary Syganlar güni bilen gutlady. 

TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop, Twitter hasabyndan beren gutlag ýüzlenmesinde: "Durmuşa hemişe gülüp bakan, bu topraklaryň ýylgyrýan ruhy, gadymy medeniýetimiziň egsilmez bölegi bolan sygan raýatlarymyz, şu gün siziň günüňiz. Maska, sosial araçäge we arassaçylyga üns berip, bu ýörite baýramy belläp geçiň. Pursatdan peýdalanyp Türkiýede ýaşaýan syganlary Syganlar güni bilen gutlaýaryn. Gutly bolsun" diýip belledi. 


Etiketkalar: #Mustafa Şentop , #TBMM , #sygan

Degişli Habarlar