Çawuşogly: "Türkiýe terror guramalaryna garşy göreşini dowam etdirer" diýdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: "Türkiýe terror guramalaryna garşy göreşini dowam etdirer" diýip nygtady

1599377
Çawuşogly: "Türkiýe terror guramalaryna garşy göreşini dowam etdirer" diýdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň Siriýanyň territorial bütewiligini goramaga, asuda ilaty goramaga we terror guramalaryna garşy göreşini alyp barmaga dowam etdirjekdigini habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirilen Türkiýe-Russiýa-Katar Daşary işler ministrleriniň Üçtaraplaýyn maslahatyndan soň beren beýanatynda, Siriýada başdan geçirilýänler bilen baglanşykly, Russiýa we Katar bilen üçtaraplaýyn geňeşmeler geçirmäge başlandyklaryny mälim etdi. 

Maksatlarynyň Siriýada hemişelik çözgüt tagallalaryna goşant goşmakdygyny aýdan Çawuşogly, şol maksat bilen netijeli gepleşikler geçirýändiklerini, Siriýadaky ynsanperwer ýagdaýy ara alyp maslahatlaşýandyklaryny beýan etdi. 

6,5 milliondan gowrak siriýalynyň başga ýurtlarda ýaşaýandygyny, şolaryň 3,4 millionynyň Türkiýede ýaşaýandygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Türkiýe Siriýanyň territorial bütewiligini goramaga, asuda ilaty goramaga we terror guramalaryna garşy göreşini alyp barmaga dowam etdirer" diýip belledi. 

Eýýäm 10 ýyl bäri Siriýadaky ýagdaýdan hyýanatçylykly peýdalanan terror guramalarynyň bardygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly, maslahatda Siriýanyň territorial bütewiligini goldaýandyklaryny aýan etdi. 

Mewlüt Çawuşogly, Siriýanyň jebisligine berýän goldawlarynyň dowam etjekdigini belläp: "Nobatdaky maslahatyň Türkiýede geçirilmegi barasynda ylalaşyga geldik. Maksadymyz Siriýada hemişelik bir parahatçylygyň ýola goýulmagydyr" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar