Terrora guramasy DAIŞ-e garşy fewral aýynda uly zarba uruldy

Göz tussaglygyna alynanlaryň 55-si tussag edildi

1594954
Terrora guramasy DAIŞ-e garşy fewral aýynda uly zarba uruldy

Terror guramasy DAIŞ-e garşy täsirli we tutanýerli göreşini dowam etdirýän Türkiýe, geçen aý ýurdyň içinde geçiren operasiýalary bilen gurama uly zarba urdy, terrorçylaryň guran meýilnamalary howpsuzlyk güýçleriiniň üstünlikli operasiýalary bilen öňi alyndy. 

Howpsuzlyk güýçleri geçiren operasiýalary bilen Stambul, Ankara we Adana şäherleri başda bolmak bilen, ýurdyň ençeme şäherinde terrorçylykly hüjümleri guramagy meýilleşdiren terrorçylaryň meýilnamalaryny bozdy.  

Fewral aýynda Polisiýa gullugynyň, Žandarma güýçleriniň we Döwlet serhet howpsuzlyk gullugynyň geçiren operasiýalarynda, aralarynda guramanyň ganhor, bilim ministriniň orunbasary we maliýe işlerinden jogapkär ýolbaşçysy bolan jemi 165 adam göz tussaglygyna alyndy, gurama degişli köp sanda reminama, ýarag we ok-däri ele salyndy.  

Göz tussaglygyna alynanlaryň 55-si tussag edildi. 

Saklananlaryň käbiri ýurtdan çykaryldy, käbirleriniň bolsa kazyýet işleri dowam edýär. 


Etiketkalar: #operasiýa , #DAIŞ

Degişli Habarlar