Çawuşogly we Akar Liwiýanyň Içeri işler ministri Başaga bilen telefon arkaly söhbetdeş boldylar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Liwiýanyň Içeri işler ministri Fethi Başaga bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1588249
Çawuşogly we Akar Liwiýanyň Içeri işler ministri Başaga bilen telefon arkaly söhbetdeş boldylar

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä,  Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Liwiýanyň Içeri işler ministri Fethi Başaga hüjüme sezewar bolmagy sebäpli gynanç bildirdi. 

Liwiýanyň Içeri işler ministrligi düýn, Tripoliniň günbataryndaky Janzur sebitinde ýerleşýän öýüne barýan mahaly Fethi Başaganyň ulag kerwenine agyr ýaragly pikap görnüşli ulagdan od açylandygyny habar berdi. 

Beýleki tarapdan bolsa  Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Özbegistanyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen hem telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar hem ulag kerweni hüjüme sezewar galan Fethi Başaga telefon arkaly jaň edip, gynanç bildirdi.

Hüjüm bilen bagly maglumat alan Hulusi Akar, Liwiýaly ministriň üsti bilen bütin Liwiýa üçin jebislik we raýdaşlyk ýüzlenmesini berdi. 



Degişli Habarlar