Türkiýe Mýanmadaky agdarlyşygy ýazgardy

Türkiýäniň hökümeti Mýanmadaky harby agdarlyşygy berk ýagdaýda ýazgardy

1574966
Türkiýe Mýanmadaky agdarlyşygy ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Mýanmanyň Ýaragly güýçleriniň şu gün dolanşygy öz eline almagyny uly gynanç bilen kabul edendigi we hereketi berk ýagdaýda ýazgarandygy bellenip, Türkiýäniň islendik agdarlyşyga we harby aksiýalara garşydygy mälim edildi. 

Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Mýanmada göz tussaglygyna alynandygy beýan edilen saýlanan ähli liderleriň, syýasy şahsyýetleriň we ýönekeý raýatlaryň iň tiz wagtda azat edilmeklerine garaşýarys" diýip bellendi. 

"Mýanmada halkyň erkin ygtyýary bilen saýlanan täze Parlamendiniň iň gysga wagtda ýygnalmagyny, saýlanan liderleriň we demokratik guramalaryň öňüne goýulan päsgelçilikleriň iň tiz wagtda ortadan aýrylmagy barada çagyryş berýäris" diýip habar berildi. 

Beýanatda: "Bu elhenç hadysanyň Mýanmada şonsyz hem agyr şertlerde ýaşaýan Rohingýa musulmanlarynyň ýagdaýyny has hem erbetleşmezligi üçin dileg edýäris" diýip beýan edildi. 



Degişli Habarlar