Prezident Erdogan Milli Emeli hemra programmasyny ýakyn wagtda aýan etjekdiklerini habar berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň 2021-2030-nji ýyllar aralygyndaky Milli Emeli hemra programmasyny ýakyn wagtda aýan etjekdiklerini habar berdi

1560103
Prezident Erdogan Milli Emeli hemra programmasyny ýakyn wagtda aýan etjekdiklerini habar berdi

Prezident Erdogan, Emeli hemra tehnologiýalary hepdesi bilen bagly geçirilen maslahata Stambuldaky Wahdettin köşgünden göni aragatnaşyk arkaly gatnaşdy. 

ABŞ-dan älem giňişligine uçurylan Türksat 5A emeli hemrasynyň ýolagçylygynyň üstünlikli geçmeginiň, kesgitlenen günde wezipä başlajakdygyna ynanýandygyny aýdan Erdogan: "Türksat 5A emeli hemrasy bilen birlikde Türkiýäniň älem giňişligindäki işjeň emeli hemra sany 7-ä ýetdi" diýip mälim etdi. 

Erdogan: "Älem giňişligindäki emeli hemralarymyzyň 3-si aragatnaşyk maksatly, 3-si bolsa gözegçilik maksatly işleýär. Türkiýe älem giňişliginde uçurma haky bolan 30 ýurdyň biri. Gündogar tarapyndaky älem giňişligi bilen bagly hukuklarymyzy 30 ýyllyk kepillik astyna alýarys" diýip belledi. 

Türkiýe taýdan örän wajyp bolan Türksat 5A emeli hemrasynyň dizaýnynda, önümçiliginde, älem giňişligine uçurylmagynda zähmet çeken ähli adamlara minnetdarlyk bildiren Erdogan: "Türksat 5B-den soň täze bir tapgyra geçmegi maksat edinýäris. Maksadymyz Türksat 6A-ny älem giňişligindäki ýerine ýerleşdirmekdir" diýip belledi. 

Öňimizdäki ýyl ýerli dizaýn we önümçilik bolan IMEJE atly ýokary çözgütli gözegçilik emeli hemrasyny hem älem giňişligine uçurjakdyklaryny aýdan Erdogan, 2021-2030-nji ýyllar aralygyndaky Milli Emeli hemra programmasyny ýakyn wagtda aýan etjekdiklerini habar berdi. 

 



Degişli Habarlar