Mugla welaýatynda 53 bosgun halas edildi

Mugla welaýatynyň Marmaris etrabynda 19, Bodrum etrabynda bolsa 34 bosgun halas edildi

1557396
Mugla welaýatynda 53 bosgun halas edildi

Türkiýäniň Kenarýaka Howpsuzlyk gullugy, Marmaris etrabynyň suw giňişliginde gaýygyň bozulandygy we kömek sorandygy barada alan maglumatyň esasynda sebite halas ediş topar gönükdirdi. 

Halas ediş topar bozulan gaýykdaky 19 bosguny öz gaýyklaryna geçirip, kenara çykardylar. 

Bodrum welaýatynyň Gümüşlik etrabynyň suw giňişliginde bolsa Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy gözegçilik işlerini geçirýän mahaly, çiýşirilen gaýykda bosgunlaryň bardygyny anykladylar. 

Halas ediş topar 34 bosguny Kenarýaka howpsuzlyk gullugynyň gaýygyna geçirip, kenara çykardylar. 



Degişli Habarlar