Somalide Guralan Hüjümde Ýogalan we Ýaralanan Türkler Ýurda Getirildi

Somalide 2-nji ýanwarda türk firmasyna guralan terrorçylykly hüjümde 2 türk raýaty ýogalypdy, 4 türk raýaty hem ýaralanypdy

1556723
Somalide Guralan Hüjümde Ýogalan we Ýaralanan Türkler Ýurda Getirildi

Somalide guralan terrorçylykly hüjümde ýogalan türk işçiler Selami Aýdogdu bilen Erdinç Genjiň jynazalary bilen wakada ýaralanan 4 işçi Türk Howa Ýollaryna degişli uçar bilen ýurda getirildi.

Somaliniň paýtagty Mogadişudan uçan uçar bilen Stambul howa menziline gelen ýaralanan işçilerden Ömer Aýdogdu, metbugata beren beýannamasynda, ýol gurýarkalar hüjüme sezewar bolandyklaryny aýtdy.

Partlama bilen birlikde ýere ýatandyklaryny aýdan Aýdogdu “Oglum bilen birlikde işleýärdim. Oglum hüjümde ýogaldy, bu diýseň gynandyryjy” diýdi.

Somalide 2-nji ýanwarda türk firmasyna guralan terrorçylykly hüjümde 2 türk raýaty ýogalypdy, 4 türk raýaty hem ýaralanypdy

 

 



Degişli Habarlar